Turkmenportal logo
Düýn 10:53
90459045
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň konditerleri agramy 70 kilogram bolan şokolad plitkasyny döretdiler

Serginiň iň täsirli eksponatlarynyň biri süýtli şokoladdan we gowrulan arahisden taýýarlanan, agramy 70 kilograma deň bolan «Elbrus» atly ägirt uly şokolad plitkasy boldy. Ol myhmanlaryň aýratyn ünsüni özüne çekdi.

Bu adaty bolmadyk önümi «Täze Aý» türkmen kompaniýasy taýýarlady. Kompaniýanyň diwarlygynda şeýle hem brendiň özboluşly stilinde bezelen görnüşde goýlup, süýjüleriň giň assortimentinden ybarat bolan kemputlar, batonçikler we beýleki süýji önümleriň dürli görnüşleri görkezildi.

Ýubileý sergisi ýurdumyzyň dürli pudaklarynda işleýän öndürijileri we wekilleri bir ýere jemledi. Çäre Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda geçirilýär we ol 19-njy martda tamamlanýar.