Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy Tbilisiniň taryhy merkezi bolan Abanotubanide şäher häkimliginiň goldawy bilen geçirilen Halkara Nowruz güni mynasybetli geçirilen baýramçylyk çäresine gatnaşdy.
Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasynyň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, baýramçylyk dabarasyna Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Türkiýäniň ilçihanalary, milli diasporalar hem-de medeni merkezler hem gatnaşdylar.
Türkmenistan ilçihanasy tarapyndan ýörite taýýarlanan pawilýon milli äheňde bezelip, bu ýerde myhmanlar ýurduň özboluşly we baý medeni mirasy bilen ýakyndan tanyşdylar.
Baýramçylyk çäresine gelen myhmanlara däp bolan milli egin-eşikler, şaý-sepler, el işi bolan nepis haly önümleri, suratlar we sowgatlyklar görkezildi, şeýle hem milli tagamlar we süýjülikler hödür edildi. Mundan başga-da, bu ýerde 2026-njy ýylyň şygaryna — «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygara bagyşlanan aýratyn bölüm hem ýerleşdirildi.
Baýramçylyk çäresi milli sazlar we tanslar bilen utgaşan konsert bilen tamamlandy – diýlip, çeşmede bellenýär.