Turkmenportal logo
Düýn 09:15
86198619
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyryldy

Ozal habar berşimiz ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaýa dostluk saparynyň dowamynda Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen resmi duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda türkmen halkynyň Milli Lideri Prezident Serdar Berdimuhamedowyň HHR-iň Başlygy Si Szinpine özi üçin islendik amatly wagtda ýurda sapar bilen gelmäge iberen çakylyk hatyny gowşurdy. Bu barada TDH habar berdi.