Turkmenportal logo
Düýn 08:53
1159111591
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan CNPC bilen hyzmatdaşlygyň 20 ýyllygy mynasybetli maslahat geçirmegi teklip etdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow HHR-e dostluk saparynyň çäklerinde Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) direktorlar geňeşiniň başlygy Daý Houlýan bilen duşuşdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri şu ýyl Türkmenistan bilen Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň hyzmatdaşlygyna 20 ýyl dolýandygyny aýdyp, bu şanly sene mynasybetli halkara ylmy-amaly maslahatyň geçirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy. Bu barada TDH habar berdi. 

Ozal habar berşimiz ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýda dostluk saparynda bolýar.