Şu gün Çiba uniwersitetinde 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygaryna bagyşlanan «tegelek stol» geçirildi. Çäre Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçihanasy tarapyndan ýokary okuw mekdebiniň ýolbaşçylygy bilen bilelikde guraldy.
Çärä Çiba uniwersitetiniň prezidenti Koutaro Ýokote, Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A.Baýramow, Ýaponiýanyň Ýokary lukmançylyk uniwersitetiniň dekany, Lukmançylyk ylmy-barlag institutynyň direktory M.Takasi, Tokiýo uniwersitetiniň professory, Tokiýo ylym we tehnologiýa institutynyň hormatly professory, Türkmen-ýapon ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk assosiasiýasynyň başlygy H.Koinuma, şeýle hem bu uniwersitetiň professor-mugallymlary gatnaşdylar diýip, Türkmenistanyň Tokiodaky diplomatik wekilhanasy habar berdi.

Çykyşlaryň dowamynda gatnaşyjylar 2026-njy ýylyň şygarynyň ähmiýetini bellediler we Türkmenistanyň gazanan üstünliklerine ünsi çekdiler. Ahalteke bedewleriniň medeni we taryhy gymmatlygy, şeýle hem ýurtda bu bedewleri ylmy esasda öwrenmek, olary halkara derejesinde giňden wagyz etmek we abraýyny ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada bellenildi.
Ilçi A.Baýramowyň çykyşynda ýurduň daşary syýasatynyň esasy ugurlary, döwlet ýaşlar syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, şeýle hem Türkmenistanyň başlangyçlary barada bellenilip geçildi. Mundan başga-da, 2026-njy ýylda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyny dabaraly bellemek babatynda görülýän taýýarlyk işlerine aýratyn üns çekildi.
Çäräniň dowamynda taraplar lukmançylyk, saglygy goraýyş we maglumat tehnologiýalary ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Ilçi uniwersitetiň ýolbaşçylaryny Türkmenistana gelmäge we Arkadag şäherindäki Lukmançylyk klasteri taslamasyny durmuşa geçirmäge gatnaşmaga çagyrdy.
«Tegelek stol» tamamlanandan soňra oňa gatnaşyjylar Tebigy betbagtçylyklar lukmançylygy boýunça ylmy-barlag institutyna we Inohana kampusyna baryp gördüler hem-de şol ýerde alnyp barylýan işleriň esasy ugurlary bilen tanyşdylar.