Turkmenportal logo
Düýn 22:21
28722872
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Prezidentini wezipesine girişen güni bilen gutlady
Surat: tdh.gov.tm

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy ýurtda açyklyk, giň bäsdeşlik esasynda geçirilen Prezident saýlawlarynda ynamly ýeňiş gazanyp, Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişen güni mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlady. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gutlag hatynda 2022-nji ýylyň martynda aýanlyk, açyklyk ýagdaýynda, giň bäsdeşlik esasynda geçirilen Prezident saýlawlarynyň türkmenistanlylaryň döwletiň ykbaly üçin ýokary jogapkärçilige düşünýändigini, jemgyýetde gadymdan gelýän demokratik ýörelgeleriň dabaralanýandygyny bütin aýdyňlygy bilen görkezendigini belledi.

«Bu möhüm waka Garaşsyz Türkmenistanyň häzirki zaman taryhynyň ýyl ýazgysyna ägirt uly üstünliklere beslenen täze tapgyryň başlangyjy hökmünde ýazyldy. Bu günki gün Türkmenistan saýlap alan oňyn döwlet syýasatyna üýtgewsiz eýermek bilen, durmuşyň ähli ugurlarynda ajaýyp üstünlikleri gazanýar. Siziň nygtaýşyňyz ýaly, biziň gazanýan ähli üstünliklerimiz «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen syýasatymyzyň netijesidir» diýip Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gutlagynda nygtaýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gutlag hatynyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine girişen güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, onuň janynyň sag, mertebesiniň belent bolmagyny, Garaşsyz, baky Bitarap Watanyň gülläp ösmegi, şan-şöhratynyň arşa göterilmegi, halkyň eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan döwletli tutumlarynyň has-da rowaçlanmagyny arzuw etdi.