Turkmenportal logo
18.03.26
80638063
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň tennis federasiýasy «Berkarar» söwda-dynç alyş merkezinde açyk ussatlyk sapagyny geçirer

Uly tennis boýunça açyk ussatlyk sapagy 20-nji martda Aşgabadyň «Berkarar» söwda-dynç alyş merkezinde geçiriler. Çäräni Türkmenistanyň Tennis federasiýasy guraýar — diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.

Ussatlyk sapagy sagat 19:00-dan 22:00-a çenli dowam eder. Maksatnama alty oýunçynyň gatnaşmagynda görkezme duşuşygyny, oýnuň esasy tehniki elementleriniň görkezilmegini, ussat tälimçiniň ýolbaşçylygynda türgenleşigiň geçirilmegini, şeýle hem ähli isleg bildirýänler üçin tennisde özüni synap görmek mümkinçiligini öz içine alar.

Çäräni geçirmek üçin göçme tor we zerur enjamlar — raketkalar, toplar hem-de türgenleşik serişdeleri gurnalar.

Habarda bellenilişi ýaly, gurnaýjylar köpçüligiň ünsüni olimpiýa sport görnüşleriniň biri bolan tennis oýnuna çekmegi we ýaşlary yzygiderli sport hem bedenterbiýe bilen meşgullanmaga höweslendirmegi maksat edinýärler.