18-nji martda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Niderlandlar Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Astana ş.) Nikolaas Shermersiň arasynda duşuşyk geçirildi.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde bolan duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar.
Taraplar özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, degişli döwlet edaralarynyň, işewür toparlaryň hem-de iki ýurduň ylym-bilim edaralarynyň arasynda gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirdiler.
Şeýle hem, iki ýurduň arasynda şertnama-hukuk binýadyny berkitmek boýunça bilelikdäki işleriň zerurlygy nygtaldy.
Duşuşykda halkara guramalaryň çäginde hem-de sebit başlangyçlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigi bellenildi diýlip, Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.