Turkmenportal logo
Düýn 15:17
58905890
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Ak Gaýa» TSTB-niň 18 ýyllygyna bagyşlanan sergide gurluşyk garyndylaryny tanyşdyrdy

«Ak Gaýa» kompaniýasy 17 – 19-njy mart aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy mynasybetli geçirilýän sergä gatnaşýar.

Sergide kompaniýa gurluşyk materiallarynyň dürli görnüşini, şol sanda gips garyndylaryny, suwag önümlerini we «Ak Alçi» brendi astynda öndürilýän beýleki önümlerini tanyşdyrdy. Kompaniýanyň diwarlygynda öňden meşhur bolan önümler bilen bir hatarda, bezeg işleriniň hilini we ulanyşda aňsatlygy ýokarlandyrmaga gönükdirilen täze harytlar hem görkezildi.

«Ak Gaýa» şeýle-de «Kent», «Leon» we «Kontinental» brendleri astynda harytlary öndürmek bilen, binanyň içi we daşy üçin niýetlenen boýaglary, gruntlary, fakturaly garyndylary, beton üçin ýöriteleşdirilen örtüklerini we poslama garşy sintetiki materiallary hödürleýär.

Sergi 19-njy marta çenli dowam eder hem-de hünärmenlerden maslahat almak we önümleriň hilini bahalandyrmak üçin ajaýyp mümkinçilik döreder.

«Ak Gaýanyň» ähli önümlerini kompaniýanyň şu salgyda ýerleşýän dükanyndan satyn alyp bilersiňiz: Aşgabat, G.Kuliýew köçesi (Obýezdnaýa), 40-njy jaý, «Ak Gaýa» binasy.

Sergä gatnaşmak kompaniýanyň işewür gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, önümlerini professional jemgyýetçilige görkezmek, ýerli we halkara hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin mümkinçilik döredýär. Bu çäre dürli pudaklardan onlarça kompaniýany bir ýere jemläp, tejribe alyşmak we Türkmenistanyň hususy pudagynyň gazananlaryny görkezmek üçin meýdança öwrüldi.