Farid Muhametşin Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň başlygy wezipesini möhletinden öň terk etdi. Bu barada sebit parlamentiniň metbugat gullugyna salgylanýan «Gazeta.ru» habar berdi.
«Men ýeňil bolmadyk karara geldim hem-de özümiň Tatarystan Respublikasynyň parlamentiniň başlygy we deputat hökmündäki ygtyýarlylyklarymy goýýandygymy resmi yglan edýärin» diýip, Muhametşin habar berdi.
Muhametşin bu wezipäni 1998-nji ýylyň 27-nji maýyndan bäri, ýagny 28 ýyla golaý wagt bäri eýeläp gelýärdi. Onuň syýasatdaky ýoly 1970-nji ýyllardan başlady. 1995-nji ýyldan 1998-nji ýyla çenli Tatarystanyň Premýer-ministriniň wezipesini eýeledi.
Muhametşiniň wezipesini wagtlaýyn onuň orunbasary Marat Ahmetow ýerine ýetirer.