2025-nji ýylda Russiýada döwletiň goldaw bermegi bilen surata düşürilen çeper filmleriň 41-sinden diňe 5-si prokatda özüni ödedi, galan 36 taslama girdejisiz boldy. Netijede, filmleriň diňe 12 göterimi işewürlik nukdaýnazardan şowly boldy. Bu barada «КГ PROGRESS» seljeriş merkezi Kino gaznasynyň, Medeniýet ministrliginiň we beýleki degişli edaralaryň maglumatlaryna salgylanyp habar berdi.
Geçen ýylda döwlet tarapyndan goldanylan «Zümerret şäheriniň jadygöýi. Sary kerpiç ýol» önümçilik çykdajylaryndan daşgary 1,39 mlrd rubl gazandy hem-de maliýe netijelilik babatda ýylyň lideri boldy. Ikinji orundaky «Kakasynyň gyzlary. Ejem gaýdyp geldi» filmi 515 mln rubl girdeji getirdi, üçünji orny 341 mln rubl bilen «Bürgüt. Ilkinji batyr» eýeledi.
Geçen ýylyň iň uly maliýe şowsuzlygy «Gaharjaň şäher» filmi bolup, oňa özüni ödemek üçin 1,86 mlrd rubl ýetmedi.
«Kraken» filmi bu ugurda has-da saýlandy, iň uly döwlet goldawynyň – 760 million rubluň bölnüp berlendigine garamazdan, ol hatda özüni ödemekden hem ejiz geldi we ýylyň iň uly telekeçilik şowsuzlyklarynyň hatarynda orun aldy.