Turkmenportal logo
Şu gün 14:05
36053605
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Täze Aý» TSTB-niň 18 ýyllygyna bagyşlanan sergä gatnaşdy

«Täze Aý» kompaniýasy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) 18 ýyllygyna bagyşlanan sergä gatnaşdy. Bu çäre ykdysadyýetiň dürli pudaklaryny, şol sanda hususy pudagyna wekilçilik edýän 100-den gowrak ýerli kärhanany bir ýere jemledi.

Kompaniýa öz diwarlygynda önümleriniň giň görnüşini — şöhlat önümlerini, dürli konditer, süýt we çörek önümleri bilen giňden tanyşdyrdy. Sergä gelenler önümleriň baý görnüşine hem-de olaryň ýokary hiline baha bermäge, şeýle hem öndürijiniň täze teklipleri bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar.

Belläp geçsek, «Täze Aý» kompaniýasy Türkmenistanyň azyk önümleriniň bazarynda 20 ýyldan gowrak wagt bäri iş alyp barýar. Ol 2004-nji ýylda birnäçe iri kärhananyň birleşmeginiň netijesinde döredilip, ýurduň azyk bazarynda öňdebaryjy orunlaryň birini eýeleýär. Häzirki wagtda kompaniýalar topary şöhlat önümlerini, konditer we süýt önümlerini, et ýarym taýýar önümlerini öndürmekde ýöriteleşip, sarp edijilere ýüzlerçe görnüşli azyk önümlerini hödürleýär.

2025-nji ýylda kompaniýa Türkmenistanyň Mary welaýatynda mallar we balyklar üçin utgaşdyrylan iýmit önümçiligini hem ýola goýdy.