Turkmenportal logo
Şu gün 12:30
27492749
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Keniýalylar alajagaplaňlaryň we syrtlanlaryň hüjüminden goranýar
Surat: cultafrica.net

Keniýanyň Maçakos okrugynyň ýaşaýjylary Respublikanyň Ýabany tebigaty goramak gullugy bilen birlikde, alajagaplaňlardyr syrtlanlardan goranýarlar. Hünärmenler ýerli ilaty, ilkinji nobatda çagalary ýabany tebigat bilen goňşulykda ýaşamak ýörelgeleri hem-de ýyrtyjylar bilen duşuşmak töwekgelçiligini azaltmak boýunça okadýarlar. Girizilen düzgünlere laýyklykda, okuwçylar öz okaýan mekdeplerine ýekelikde gitmeli däl, kiçi synp okuwçylaryny bolsa ulular eltmeli. Gözükmelere seretmezden, ýerli ýaşaýjylar ýyrtyjylaryň dowam edýän hüjümlerinden arz edýärler.

«Meniň çagam mal bakýarka, oňa syrtlan hüjüm edipdir. Oglum el-aýaklarynda, kellesinde çynlakaý şikes aldy» diýen ýerli ýaşaýjylaryň biriniň sözlerini «The Standard» neşiri getirýär. Fermalaryň eýeleri-de ýyrtyjylaryň goýunlaryny we sygyrlaryny köpçülikleýin gyrýandygyny habar berýärler.

Ýagdaýy 2022-2023-nji ýyllardaky guraklyk has-da kynlaşdyrypdyr, şonda tebigy awdan mahrum galan ýyrtyjylar iýmit gözleginde adamlaryň ýaşaýan ýerlerine golaý gelipdirler diýip, «rg.ru» ýazýar.