Turkmenportal logo
Şu gün 11:09
66206620
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
CAF Senegalyň ýygyndysyny Afrika çempiony adyndan mahrum etdi we Marokkony ýeňiji diýip yglan etdi

Afrikanyň futbol konfederasiýasy (CAF) Afrika milletleriniň kubogynyň finalynda Senegalyň ýygyndysynyň 2025-nji ýylda gazanan ýeňşini ýatyrdy. Senegalyň ýygyndysyna 0:3 hasap bilen tehniki ýeňliş berildi, ýaryşyň ýeňijisi hökmünde bolsa Marokkonyň ýygyndysy diýlip yglan edildi. CAF Marokkonyň final oýnuň netijeleri boýunça şikaýatyny kanagatlandyrdy — diýip,  Sport24 saýty habar berýär.

19-njy ýanwarda geçirilen duşuşyk senegallylaryň az hasap bilen ýeňiş gazanmagy bilen tamamlanypdy. Esasy wagtyň gutarmagyna az wagt galanda, Senegalyň ýygyndysynyň baş tälimçisi Pap Tiau bellenen penalti jerimesine garşy çykyp, toparyny meýdançadan çykardy. Soňra oýunçylar meýdança dolanyp geldiler we deňligi sakladylar — Brahim Dias 11 metrlik jerime urgusyndan gol geçirip bilmedi. Goşmaça wagtda bolsa Senegal ýeňiş goluny geçirip, kubogy gazanypdy.

Iki aýdan soň konfederasiýanyň arz-şikaýat komiteti Senegalyň hereketine düzgün bozma hökmünde baha berip, oňa tehniki ýeňliş berdi we Marokkonyň ýygyndysyny ýaryşyň resmi ýeňijisi diýip yglan etdi. Senegalyň toparynyň meýdançadan çykmagy Afrikanyň milletleriniň kubogynyň düzgünleriniň bozulmagy hökmünde ykrar edildi.