Turkmenportal logo
Şu gün 10:38
63556355
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Awtoulagly 60 metrlik uçutdan gaçan erkek kişi diri galdy
Surat: gazeta.ru

Tehasda erkek kişi beýikligi 60 metr bolan uçutdan ulagly gaçsa-da, diri galdy diýip, «People» neşiri habar berdi.

Tehasly gije ulag goýulýan ýerden çykyp tötänden Palo-Duro kanýonyna girendigini gürrüň berdi. Şonda onuň awtoulagy aşaklygyna 61 metr uçupdyr, emma oňa aman galmak başardypdyr. Ertesi irden özbaşdak ulagdan çykyp, kömek gözlemäge gidipdir. Haçanda adamlara sataşanda, onuň endamynda gan yzlary bolup, gözleriniň aşagy bolsa gögeren ekeni. Ony hassahana alyp gidipdirler. Şeýle beýiklikden uçandygyna garamazdan, ejir çekeniň beýnisi sarsan we gapyrgalary döwlen ekeni. Halas edijiler onuň ulagyny jülgeden çykarypdyrlar.