Turkmenportal logo
Şu gün 10:11
54605460
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Al Paçino «Oskaryň» agşamlygyna özünden 53 ýaş kiçi söýgülisi bilen gatnaşdy
Surat: gazeta.ru

Golliwudyň weteran aktýory Al Paçino özünden 53 ýaş kiçi bolan söýgülisi Nur Alfallah bilen köpçülige çykdy. Olaryň fotosy «Daily Mail» neşirinde çap edildi.

Ýagny fotohabarçylar 85 ýaşly Al Paçino bilen 32 ýaşly Nur Alfallahy «Oskar» baýragynyň gowşurylyşynyň hormatyna «Vanity Fair» neşiriniň guran agşamlygyndan soňra awtoulaga barýarka surata düşürdiler.

2025-nji ýylyň dekabrynda goja aktýor «Söweş yzyna söweş» filmine bagyşlanan çärede göründi. Al Paçino oňa dosty we kärdeşi Leonardo di Kapriony goldamak üçin bardy. Şonda barmagyndaky ýüzügi onuň Nur Alfallah bilen nikalaşandygy baradaky çaklamalara sebäp boldy. Al Paçinonyň özi hiç wagt bu myş-myşlar barada sözlemeýärdi. Emma wekili onuň öýlenmändigi barada beýanat berdi diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.