Turkmenportal logo
Şu gün 09:17
37543754
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Mogilýow wagon gurluşyk zawody Türkmenistanyň bazaryna girmegi meýilleşdirýär

Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» (IFT 2026) atly halkara forumynyň gatnaşyjylarynyň arasynda Mogilýow wagon gurluşyk zawodynyň wekilleri hem bar.

«Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar bermegine görä, Belarusiýa Respublikasynyň ulag maşyngurluşygy pudagynyň öňdebaryjylarynyň biri bolan bu kärhana Türkmenistana hyzmatdaşlyk çägini giňeltmek üçin ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde garaýar.

Mogilýow wagon gurluşyk zawodynyň marketing we ýerleme bölüminiň başlygy Andreý Harkewiç Russiýanyň we Gazagystanyň bazarlarynda berk ornaşan kompaniýanyň Türkmenistanda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin uly mümkinçilikleri görýändigini belledi.

«Biziň maksadymyz Türkmenistanyň bazarynyň isleglerini öwrenmek we ýerli logistika kompaniýalaryna hut zerur bolan çözgütleri hödürlemekdir. Biz Demir ýol ulaglary ministrliginiň we beýleki degişli edaralaryň wekilleri bilen birnäçe duşuşyklary geçirmegi meýilleşdirýäris» diýip, Andreý Harkewiç aýtdy.

Mogilýow zawody ýük wagonlarynyň dürli görnüşlerini öndürmek boýunça ýöriteleşendir. Kärhananyň ýyllyk önümçilik kuwwaty 2 500-den gowrak wagon bolup, olaryň hatarynda däne daşaýan, sement daşaýan we mineral dökünleri gatnatmak üçin niýetlenen wagonlar bar. Şeýle hem zawod köpugurly ulag hökmünde agaç we beýleki uly göwrümli gurluşyk materiallaryny daşamak üçin platformalary hem-de açyk wagonlary hödürläp biler.

Şu ýyl zawod üsti ýapyk wagonlaryň önümçiligini ýola goýmagy hem meýilleşdirýär.

A.Harkewiç Aşgabatda dowam edýän IFT 2026 sergisiniň we forumynyň belarus maşyngurluşykçylary üçin täze bazary özleşdirmekde möhüm ädim boljakdygyna umyt bildirýär.