Türkmenistanyň küştçi gyzlary 9–15-nji mart aralygynda Buhara şäherinde geçirilen zenanlaryň arasynda IV halkara küşt ýaryşynda üstünlikli çykyş etdiler.
Türkmenabat şäheriniň 27-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Mähri Agamyradowa Challengers toparynda (B dereje) 1-nji orny eýeläp, ýaryşyň dowamynda ynamly we durnukly oýun görkezdi.
Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen küşt-şaşka mekdebiniň wekili Eneş Arazmedowa Futures toparynda (C dereje) 5-nji orny eýeläp, ýokary taýýarlyk derejesini we bäsdeşlige ukyplydygyny görkezdi.
Şeýle hem Futures toparynda Türkmenabat şäheriniň 41-nji orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Gülmira Seýilhanowa ýaryşy 7-nji orny eýelemek bilen tamamlady.
Ýaryşa jemi 9 ýurduň wekilleri gatnaşdy: Awstriýa, Belarus, Hindistan, Gazagystan, Mongoliýa, Russiýa, Türkmenistan, Gyrgyzystan we Özbegistan.
Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň metbugat beýanatynda bellenilişi ýaly, türkmen küştçi gyzlarynyň halkara derejedäki üstünlikli çykyşlary ýurtda zenanlaryň arasynda sportuň küşt görnüşiniň yzygiderli ösýändigini hem-de ýaş türgenleriň ýokary mümkinçiliklere eýedigini tassyklaýar.