Turkmenportal logo
Düýn 17:28
99499949
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ýokary liganyň täze möwsümiň öňüsyrasynda «Ahal», «Merw» we «Şagadam» baş tälimçilerini çalyşdylar

Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň üç kluby gyşky transfer penjiresiniň dowamynda baş tälimçilerini çalyşdy. «Ahal» toparyna Eziz Annamuhammedow ýolbaşçy boldy, «Merwe» — Rahmanguly Baýlyýew, «Şagadama» bolsa Maksat Şamy­radow bellenildi. Galan bäş klub hereket edýän tälimçileri bilen şertnamalaryny uzaltdy. 4-nji aprelde Türkmenistanyň futbol boýunça 34-nji çempionatyna badalga berler.
Wladimir Baýramow «Arkadagda», Ýazguly Hoja­geldiýew «Altyn Asyrda», Amangylyç Goçumow «Köpetdagda», Tofik Şükürow «Aşgabatda», Aleksandr Klimenko bolsa «Nebitçide» işini dowam etdirerler.
Ýokary liganyň klublary üçin transfer penjiresi 1–28-nji fewral aralygynda açyk boldy. Bu döwürde toparlar diňe bir tälimçi düzümlerini täzelemek bilen çäklenmän, eýsem düzümlerini hem işjeň ýagdaýda güýçlendirdiler.