Golaýda Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde Türki dünýäsiniň suratkeşler akademiýasynyň surat sergisi we sylag gowşurylyş dabarasy geçirildi. Bu barada TÜRKSOÝ-yň resmi saýtynda habar berildi.
Geçen ýyl Stambul şäherinde geçirilen maksatnamanyň dowamy bolan bu çäre türki dünýäsinden suratkeşleri we medeniýet wekillerini bir ýere jemledi. Maksatnama Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministriniň orunbasary Murat Hüseýnow, TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Sultan Raýew, Türki dünýäsiniň suratkeşler akademiýasynyň prezidenti Sakit Mammadow we başga-da köp sanly myhmanlar gatnaşdylar.
Maksatnamanyň çäginde Türki dünýäsiniň suratkeşler akademiýasynyň prezidenti Sakit Mammadow TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Sultan Raýewe Türki dünýäsiniň suratkeşler akademiýasynyň altyn medaly, şeýle hem sergä gatnaşan suratkeşlere türki halklarynyň medeni we çeper gymmatlyklaryny wagyz etmekdäki goşantlary üçin Türki dünýäsiniň suratkeşler akademiýasynyň medaly gowşuryldy. Olaryň arasynda modern sungatyň çeperçilik akymlary bilen içgin gyzyklanýan zehinli türkmen suratkeşi Amanmyrat Modyýew hem bar.
Bilşimiz ýaly, Amanmyrat Modyýew 1983-nji ýylyň noýabr aýynyň 11-ne Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynda dünýä inýär. Ol häzirki wagtda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda mugallymçylyk edýär. A.Modyýew 2022-nji ýylda Gazagystan Respublikasynda Orta Aziýa we Gazagystan Respublikasynyň suratkeşleriniň arasynda guralan bäsleşik sergisine gatnaşyp, ýeňiji bolýar. 2022-nji ýylda nakgaş Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijisi bolmagy başarýar.
Ýeri gelende bellesek, Türki dünýäsiniň suratkeşler akademiýasynyň surat sergisi 2026-njy ýylyň 13 — 17-nji marty aralygynda Türki dünýäsiniň surat galereýasynda sungat söýüjileri garşy aldy.