Turkmenportal logo
Şu gün 15:29
74547454
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
ZIP haryt nyşany bilen «Cuba» atly täze piwo içgisiniň görnüşi Aşgabatda geçirilýän TSTB-niň sergisinde tanyşdyryldy

Türkmen içgi öndürijisi — «Biýat» hojalyk jemgyýeti — Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) sergisinde ZIP haryt nyşany bilen «Cuba Light Summer Beer» atly täze piwo içgisiniň görnüşini hödürledi. Tanyşdyryş birleşmäniň 18 ýyllygyna bagyşlanan forumyň çäklerinde geçirildi.

«Cuba» atly açyk reňkli, pasterizirlenen piwo içgisi 0,33 litr göwrümli aýna çüýşelerde öndürilýär we öndüriji tarapyndan ýeňil tomusky içgi hökmünde hödürlenýär.

«Biýat» hojalyk jemgyýeti 1996-njy ýylda döredilip, Türkmenistanda piwo içgisini öndürýän öňdebaryjy kärhanalaryň hataryna girýär. Kompaniýa ZIP brendi bilen dürli içgileri öndürip, olar içerki bazarda durnukly islegden peýdalanýar.

Sişenbe güni Aşgabatda açylan sergi gurluşyk, senagat, oba hojalygy we azyk pudaklaryny, şeýle hem elektronika, mebel, egin-eşik, aýakgap, parfýumeriýa we içgi öndürijilerini öz içine alýan 100-den gowrak hususy kompaniýany bir ýere jemledi. Forum 19-njy marta çenli dowam eder. Onuň çäklerinde «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlary» atly halkara maslahatyny geçirmek hem meýilleşdirilýär.