Amerikanyň kinoakademiýasy 98-nji «Oskar» kinobaýraklarynyň gowşurylyş dabarasynda režissýor Pol Tomas Andersonyň «Söweş yzyna söweş» filmini ýylyň iň gowy filmi diýip yglan etdi. Bu barada ВВС teleýaýlymyna salgylanýan «Kazinform» gullugy habar berdi.
Anderson şeýle hem iň gowy režissýorlyk işi we adaptirlenen ssenariý ugurlary boýunça baýraga mynasyp boldy. Jemi alnanda, onuň ady agzalan filmi alty baýragy aldy.
Iň gowy erkek keşbi üçin baýragy aktýor Maýkl B. Jordan («Günäliler»), iň gowy zenan keşbi üçin baýragy Jessi Bakli («Gamnet») aldy.
Daşary ýurt dilindäki iň gowy film üçin baýrak Norwegiýanyň kinoçylarynyň «Hyýaly gymmatlyk» filmine gowşuryldy. «Arwahlary awlaýan Keý-pop gyzlar» iň gowy animasion film diýlip yglan edildi.