Duşenbe şäherinde 17-nji martda «Nowruz Duşenbe – medeni we jahankeşdelik gatnaşyklaryň özeni» V halkara forumy geçer, bu barada «Howar.tj» internet neşiri habar berdi.
Çäräniň guramaçysy hökmünde paýtagtyň döwlet häkimiýetiniň ýerine ýetiriji edarasy çykyş edýär.
Forumda Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň we Duşenbe şäheriniň häkimliginiň, diplomatik wekilhanalaryň, jahankeşdelik kompaniýalaryň, bilim edaralarynyň wekilleri, şeýle hem halkara bilermenler çykyş ederler. Çykyşlarda Nowruz baýramynyň taryhy we medeni ähmiýeti, milli däpleri wagyz etmek arkaly jahankeşdeligi ösdürmek, halkara medeni gatnaşyklary berkitmek ýaly meseleler boýunça söhbet ediler.
Forumyň maksady Nowruz baýramyny halkara derejede wagyz etmekden we ýurtlaryň arasynda medeni hem-de syýahatçylyk gatnaşyklaryny ösdürmekden ybaratdyr.