Turkmenportal logo
Şu gün 10:58
27942794
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Maliýe hukugy boýunça onlaýn bäsleşik geçirildi

Türkmen döwlet maliýe instituty tarapyndan ýakynda ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda maliýe hukugy boýunça internet bäsleşigi geçirildi. Oňa ýokary okuw mekdepleriniň 14-sinden 69 talyp gatnaşdy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, bäsleşigiň şertine laýyklykda, gatnaşyjylar berlen sowallara bellenilen wagtyň dowamynda kompýuter arkaly dogry jogap berdiler. Bäsleşige 100 sany test sowaly hödürlenip, olara jogap bermek üçin jemi 100 minut wagt berildi. Her bir dogry jogap 1 utuk bilen bahalandyryldy.

Gazanylan netijeler boýunça orunlar ähli ýerine ýetirilen ýumuşlarda toplanan ballaryň jemi boýunça kesgitlendi. 1-nji, 2-nji, 3-nji orunlary eýelän talyplar degişli diplomlar bilen sylaglandylar.