Altynyň birža nyrhlary duşenbe güni arzanlap başlady, muňa Ýakyn Gündogardaky dartgynlylyk sebäpli hümmetsizlenmäniň tizleşmeginden howatyrlanma sebäp boldy diýip, «INTERFAX.RU» habar berdi.
Ýagny Moskwa wagty bilen sagat 13:28-de (Aşgabat wagty bilen 15:28) «Comex» biržasynda aprel üçin altynyň fýuçersleriniň kotirlenmegi bir unsiýa üçin 1,3 göterim töweregi arzanlady hem-de 4995 dollara deň boldy.