Turkmenportal logo
Şu gün 10:39
44534453
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda daşary ýurt dilleri boýunça Döwlet bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

15-nji martda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde eýeçiligiň görnüşine garamazdan gysga möhletli okuwlary guraýan okuw merkezleriniň diňleýjileriniň arasynda Türkmenistanyň daşary ýurt dilleri boýunça Döwlet bäsleşiginiň III jemleýji tapgyry geçirildi.

Bäsleşik Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan okuwçylaryň bilim derejesini barlamak hem-de daşary ýurt dillerini öwrenmegiň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen yglan edildi.

Ministrligiň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, bäsleşik iňlis we rus dilleri boýunça dört ýaş toparynda geçirildi.

Dördünji gezek geçirilýän bu bäsleşik ýurduň ähli künjeklerinden gelen ýaş diňleýjileri, daşary ýurt dilleri mugallymlaryny, şeýle hem döwlet we hususy okuw merkezleriniň wekillerini birleşdirdi.

Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşan 220 gatnaşyjynyň 48-si ýeňiji boldy.

Her ýaş topary boýunça iňlis we rus dillerinde birinji orna bir, ikinji orna iki, üçünji orna bolsa üç baýrakly orun berildi.

Ýeňijilere Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň diplomlary hem-de gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.