Russiýa Federasiýasynyň saglygy goraýyş ministri Mihail Muraşko «Sagdyn jemgyýet» forumynyň tanyşdyrylyş dabarasynda russiýalylaryň tas çärýek böleginiň 60 ýaşdan geçendigini habar berdi. Bu barada «RIA Nowosti» habar berdi. Muraşkonyň sözlerine görä, 2025-nji ýylda ýaşy 60 we ondan ýokary raýatlar ýurduň ilatynda 24,4 göterimi ýa-da 35,6 milliony düzdi. Ministr şeýle hem 2030-njy ýyla çenli raýatlaryň bu toparynyň sanynyň 25,4 göterime çenli artjakdygyny belledi.
Moskwada dowam edýän «Sagdyn jemgyýet» forumy şu gün öz işini tamamlar, oňa 15 ýurtdan wekilçilikli toparlar gatnaşýar.