Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Halkara Nowruz baýramy mynasybetli «Gelse Nowruz äleme» atly baýramçylyk sergisi guraldy.
Serginiň açylyş dabarasyna hormatly myhmanlar gatnaşdylar. Olaryň arasynda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň aktýory, Türkmenistanyň halk artisti Tirkiş Mätnazarow, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň at gazanan sungat işgäri Azat Annaýew, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, şahyr Oguljemal Çaryýewa we beýlekiler bar. Bu barada muzeýiň resmi saýtynda habar berilýär.
Sergide türkmen baharynyň tebigatyny şöhlelendirýän şekilli halylar, şeýle hem türkmen suratkeşleriniň eserleri görkezilýär. Olaryň arasynda A. Jijilowyň «Ak bägüller», Y. Gylyjowyň «Jadyly nagyşlar», Ş. Akmuhammedowyň «Halk döredijiligi», G. Ýazmuhammedowanyň «Milli gymmatlyklarymyz», G. Baýramowyň «Milli şaý-seplerimiz», N. Begnazarowyň «Çyrpyly narlar», G. Guseýinowyň «Tans» atly surat eserleri bar.
Mundan başga-da, sergide ussat zenanlaryň döreden haly önümleri we milli lybaslar hem görkezilýär. Ekspozisiýada türkmen halkynyň durmuşyny beýan edýän «Ak öý» aýratyn orun eýeleýär.
Sergide türkmen halkynyň milli şaý-sepleri we keramika önümleri hem görkezilýär — diýlip, çeşmede bellenilýär.
Ähli kategoriýalar
Türkmenistanyň Döwlet muzeýinde Halkara Nowruz baýramyna bagyşlanan sergi açyldy