Turkmenportal logo
Düýn 21:40
1020310203
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Iş maslahaty: ählihalk bag ekmek dabarasyna gowy taýýarlyk görülmelidir
Surat: Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýat häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. «Watan»  habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, iş maslahatynda ýurduň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Welaýatlaryň häkimleri dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabatlary berdiler. Hasabatlarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlarda bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri, hususan-da, goşmaça mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar. Gowaça ekişine taýýarlyk görmegiň çäklerinde meýdanlarda sürüm işleri tamamlaýjy tapgyrda ýerine ýetirilýär. Şunuň bilen baglylykda, tekizleýiş, geriş çekmek, topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri dowam edýär. Daýhanlary ýokary hilli tohumlar bilen üpjün etmek maksady bilen gowaça çigidini taýýarlamak, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny abatlamak, talabalaýyk saklamak boýunça zerur işler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen birlikde, azyklyk ekinlerinde ideg we gögeriş suwuny tutmak işleri  alnyp barylýar. Ýurdy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäginde ýazky bag ekiş möwsümini hem-de ählihalk bag ekmek dabarasyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin zerur çäreler görülýär.  Şeýle hem welaýatlarda Milli bahar baýramy mynasybetli geçiriljek dabaralara taýýarlyk görlüşi barada hasabatlar berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabatlary diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işlerine ýene-de bir gezek ünsi çekdi hem-de welaýatlaryň gowaça ekiljek ýerlerde tekizlemek, çil we geriş çekmek, Daşoguz welaýatynda ýuwuş suwuny tutmak işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyk ýerine ýetirmegiň, pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumy bilen ýeterlik möçberde üpjün etmegiň, şeýle hem ýaz ekişinde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny möwsüme talabalaýyk taýýarlamagyň, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işlerini talabalaýyk geçirmegiň, bugdaý meýdanlarynda ösüş suwuny tutmagyň möhümdigini belledi. Ýeralma hem-de gök-bakja ekinleriniň ideg işlerini ýokary hilli geçirmek, Daşoguz welaýatynda bu ekinleriň ekişini agrotehniki möhletlerde tamamlamak,  pagta we bugdaý öndürijileri bilen hyzmat ediji kärhanalaryň arasynda ýerine ýetirilen işler boýunça hasaplaşyklarynyň geçirilişine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, ýazky bag ekmek möwsümine hem-de ählihalk bag ekmek dabarasyna gowy taýýarlyk görüp, bu çäräni ýokary derejede geçirmek babatda tabşyryklary berdi. Prezident Serdar Berdimuhamedow Milli bahar baýramy mynasybetli welaýatlarda geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.