Türkmenistanyň mekdep okuwçylarynyň arasynda yglan edilen «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly bäsleşigiň jemleýji umumydöwlet tapgyry geçirildi. 11 — 14-nji marty aralygynda geçirilen bäsleşige ýurduň 11-12-nji synplarynda okaýan mekdep okuwçylarynyň 1400-e golaýy gatnaşdy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, bäsleşikleriň jemleýji umumydöwlet tapgyry Aşgabatda we welaýatlarda ýerleşýän ýokary okuw mekdeplerinde geçirildi.
Has takygy, himiýa, biologiýa dersleri boýunça bäsleşikler Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde, informatika, rus we iňlis dilleri boýunça Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde, astronomiýa boýunça Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde üstünlikli geçirildi.
Daşoguz şäherindäki Türkmen oba hojalyk instituty türkmen dili we edebiýaty, Türkmenabat şäherindäki Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty geografiýa, Mary şäherindäki Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bolsa matematika hem-de fizika dersleri boýunça bäsleşikleriň jemleýji tapgyryny ýokary derejede kabul etdi.
«Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşiginde ýeňiji bolanlara diplomlar we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Şeýle hem olar üçin bäsleşikleriň geçirilen ýokary okuw mekdeplerine, myhmanlary kabul eden şäherleriň gözel künjeklerine gezelençler guraldy.