Turkmenportal logo
Düýn 18:22
1010810108
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ispaniýada jahankeşdeleriň arasynda meşhur orta asyr diňi ýykyldy
Surat: 24.kg

Ispaniýanyň Toledo ülkesindäki orta asyr Eskalona galasynyň diňi ýykyldy. Bu barada ýurduň «El País» gazeti habar berdi.

Polisiýada hiç kimiň ejir çekmändigini, emma halkyň taryhynyň bir böleginiň ýok bolandygyny bellediler. Habarda galanyň girelgesindäki beýik diňiň ýykylandygy, oňa iki günüň dowamynda ýüzlerçe adamyň baryp görmekçi bolandygy bellenýär. Olar diňiň irden ýykylandygy üçin ejir çekmekden halas bolupdyrlar. Emma daş bölekleri galanyň öňünde duran ulaglara zeper ýetiripdir.

Ýerli häkimiýetler golaý wagtda taryhy ýadygärligiň jahankeşdeler üçin ýapyljakdygyny habar berdiler.