Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri Brýusselde Praga prosesiniň çäklerinde guralan zähmet migrasiýasynyň meseleleri boýunça iki günlük halkara maslahata gatnaşdylar. Çärä degişli döwlet edaralarynyň, halkara guramalaryň we Ýewropa Bileleşiginiň institutlarynyň, şol sanda Ýewropa Komissiýasynyň hem-de Migrasiýa syýasatyny ösdürmek boýunça halkara merkeziniň (ICMPD) wekilleri gatnaşdy. Duşuşygyň esasy maksady zähmet we kanuny migrasiýany dolandyrmagyň häzirki zaman meýillerini we amaly guralaryny ara alyp maslahatlaşmakdan, şeýle hem gatnaşyjy ýurtlaryň arasynda tejribe alyşmakdan ybarat boldy.
Türkmenistanyň Brýusseldäki ilçihanasynyň habar bermegine görä, mowzuklaýyn sessiýalaryň we «tegelek stollaryň» dowamynda türkmen tarapy migrasiýa amallaryny düzgünleşdirmek baradaky milli tejribesini tanyşdyryp, migrasiýa dolandyryş ulgamynda innowasion çemeleşmeleri ornaşdyrmaga we sanly çözgütleri ösdürmäge aýratyn üns berdi.
Çärä gatnaşyjylara Türkmenistanda migrasiýa düzümini yzygiderli döwrebaplaşdyrmak, şol sanda elektron hyzmatlary ösdürmek, pudagara özara gatnaşyklary kämilleşdirmek we döwlet düzümleriniň arasynda maglumat alyşmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berildi.
Ara alyp maslahatlaşmalaryň dowamynda bilermenler we gatnaşyjy döwletleriň wekilleri Türkmenistanyň migrasiýa ulgamynyň institusional ösüş derejesine ýokary baha berdiler.