Turkmenportal logo
Düýn 18:05
65806580
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda «Ak şäherim Aşgabat-2026» atly sergi we maslahatyna taýýarlyk işleri alnyp barylýar

Türkmenistanyň paýtagtynda Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli 24–25-nji maý aralygynda geçiriljek XXV Köpugurly halkara sergisi we «Ak şäher Aşgabat-2026» (WCA 2026) atly maslahatyna taýýarlyk görülýär.

Şu ýyl forum «Binagärlik. Innowasiýa. Durnukly ösüş» şygary astynda geçiriler. Bu şygar häzirki zaman şäherleriniň ösüşiniň esasy ugurlaryny — binagärlik kämilliginiň sazlaşygy, innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy hem-de durnukly şäher gurşawyny döretmekde ekologiki taýdan gönükdirilen çemeleşmeleri özünde jemleýär — diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» neişiri habar berýär.

Bu ýyl forumyň has-da köp gatnaşyjylary özüne çekmegine garaşylýar, bu bolsa hünär derejesindäki gepleşikleri geçirmek, tejribe alyşmak we täze işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin mümkinçilikleri giňelder.

Garaşylýan halkara maslahatynyň esasy ugurlarynyň biri Aşgabat şäheriniň 2045-nji ýyla çenli ösüş strategiýasyny durmuşa geçirmek bolar. Bu strategiýa paýtagty häzirki zaman dolandyryş, ykdysady we medeni merkez hökmünde has-da kämilleşdirmegi, şähergurluşyk boýunça innowasion çözgütleri ornaşdyrmagy, şäher infrastrukturasyny giňeltmegi we şäher gurşawynyň ekologiki durnuklylygyny ýokarlandyrmagy göz öňünde tutýar.

Maslahatda «akylly şäher» konsepsiýasyny ösdürmek, ulag we jemagat hojalygy infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak, şäher hojalygyny dolandyrmakda sanly ulgamlary ornaşdyrmak hem-de energiýa tygşytlaýan binalary gurmak meselelerine aýratyn üns berler.

Maslahatyň çäklerinde birnäçe şertnamalara we hyzmatdaşlyk hakynda ähtnamalara gol çekilmegine, şeýle hem geljegi uly taslamalaryň tanyşdyrylmagyna garaşylýar.