Turkmenportal logo
Düýn 18:01
90419041
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Adam Sendler Golliwudyň iň köp hak tölenýän aktýory diýlip ykrar edildi
Surat: gazeta.ru

Amerikan kinoaktýory we komigi Adam Sendler «Forbes» žurnalynyň nusgasy boýunça iň köp hak tölenýän aktýorlaryň sanawynyň başyny çekdi. 59 ýaşly aktýoryň elmägi 48 million dollar bahalanýar diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.

Žurnal Sendleriň maliýe üstünligini 2014-nji ýyldan bäri «Netflix» striming platformasy bilen hyzmatdaşlygy hasaplaýar. 2025-nji ýylda aktýor ol ýerde «Bagtly Gilmor 2» filmine prodýuserlik etdi we baş keşpde surata düşdi, şeýle hem «Netflix» platformasynyň «Jeý Kelli» filminde döreden keşbi üçin kän hak aldy.

Sanawda ikinji orunda 46 million dollar hak bilen Tom Kruz, üçünji ýerde 44 mln dollar bilen Mark Uolberg ýerleşdiler.

Iň köp hak tölenýän aktýorlaryň ilkinji onlugyna şeýle-de Skarlett Ýohansson ($43 mln), Bred Pitt ($41 mln), Denzel Waşington ($38 mln), Jek Blek ($28 mln), Jeýson Momoa ($28 mln), Deniel Kreýg ($27 mln) we Milli Bobbi Braun ($26 mln) girdiler.