Özbegistanda owalky Sowet Soýuzynyň iň ahyrky raýatyny tapdylar. Bu barada «Rambler.ru» habar berdi.
Gürrüň Samarkant welaýatynyň 53 ýaşly zenan ýaşaýjysy barada barýar. Ol 1992-nji ýylda durmuşa çykyp, ýaşaýan ýerini üýtgedipdir, emma şahsyýetnamasyny çalyşmandyr. Netijede, zenan 30 ýyldanam gowrak wagt ýok döwletiň raýaty bolup ýaşapdyr. «Ýagdaý anyklanandan soňra, ýustusiýanyň etrap bölümi migrasiýa we raýatlyk şahamçalary bilen bilelikde, zerur çäreleri gördüler» diýlip, Özbegistanyň Adalat ministrliginde aýtdylar.
Öň Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Moskwanyň SSSR-iň dikeldilmegini manysyz hasaplaýandygyny we munuň asla bolmajakdygyny aýdypdy. Ol şeýle hem şol döwletiň ýykylmagynda günäkärleri gözlemezligi we munuň syýasy-ykdysasy gurluşyň özi bilen baglydygyny sözüniň üstüne goşdy.