Turkmenportal logo
Düýn 17:30
71857185
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Iň täsirli häzirki zaman danalarynyň biri» Habermas aradan çykdy
Surat: gazeta.ru

Nemes filosofy we sosiolog Ýurgen Habermas 97 ýaşynda Bawariýanyň Ştarnberg şäherinde aradan çykdy. Bu barada «Suhrkamp» neşirýatyna salgylanýan «Gazeta.ru» habar berdi.

«Die Zeit» neşiriniň ýazmagyna görä, Habermasyň ylmy işleri ony «Iň täsirli häzirki zaman danalarynyň birine» öwürdi. Ol jemgyýetçilik pikiri we aragatnaşyk işi teoriýasy bilen meşgullandy hem-de tutuş dünýäde demokratiýanyň teoriýasyny hem-de syýasy filosofiýasyny esaslandyrdy.

«Ol onýyllyklaryň dowamynda Germaniýada syýasy jedellere täsir edýärdi» diýlip, habarda bellenýär. Habermasyň esasy ylmy işi 1981-nji ýylda ýazan «Aragatnaşyk işi teoriýasy» boldy. Habermas ilki žurnalist bolup işledi, emma akylly makalalary üçin oňa ylym bilen meşgullanmagy maslahat berdiler. 60-njy ýyllaryň başyndan Habermas Frankfurt uniwersitetiniň filosofiýa we sosiologiýa kafedrasyna ýolbaşçylyk etdi.

Geçen asyryň 50-nji ýyllarynda alym ýadro synaglaryna garşy çykyş etdi. Ol filosofiýanyň esasy wezipesini jemgyýetçilik işi hasaplaýardy.