Turkmenportal logo
Düýn 17:24
70017001
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen karateçileri Krakow şäherindäki halkara ýaryşda bürünç medallary gazandylar

Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň türgenleri 2026-njy ýylyň 10–17-nji mart aralygynda Krakow şäherinde «Krakowyň kubogy» ady bilen geçirilen adaty karate boýunça halkara ýaryşyna gatnaşdylar. Ýaryşyň jemleri boýunça türkmen türgenleri iki sany bürünç medal gazandy.

21 ýaşdan ýokary ýaşly türgenleriň arasynda şahsy söweş görnüşinde bürünç medala Selim Myratdurdyýew mynasyp boldy. Ol Aşgabat şäheriniň Bedenterbiýe we sport boýunça baş müdirligine degişli 1-nji sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy bolup işleýär. 12–13 ýaşly gyzlaryň arasynda şahsy söweş görnüşinde üçünji orny Medine Gaýlyýewa eýeledi. Ol Balkanabat şäherindäki 20-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysydyr.

Ýaryşa dünýäniň 14 ýurdundan takmynan 873 türgen gatnaşdy. Bu bolsa ýaryşyň ýokary halkara derejesini görkezýär.