Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 34-si hasaba alyndy. Daşary ýurtly işewürler bilen baglaşylan geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million dollaryndan gowrak boldy. Bu barada TDH habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Gruziýanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni we binýatlyk ýagy satyn aldylar. Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Estoniýanyň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine jins önümleri, dokma önümçiliginiň galyndylaryndan dikeldilen süýüm, nah ýüplük we mata, garaköli ýüňi, bugdaý uny ýerlenildi.
Ýurduň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 229 million 413 müň manatdan gowrak bolan polipropileni we binýatlyk ýagy («Türkmennebit» döwlet konserni), tehniki kükürdi («Türkmengaz» döwlet konserni), pagta soapstogynyň distillirlenmedik çig ýag turşulygyny, boýalan tüýjümek matany, ýüpek we nah matany, bugdaý ununy satyn aldylar.