Turkmenportal logo
Şu gün 17:10
21442144
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Bahar abatlaýyş möwsümi - Ak Gaýa dükany harytlaryň giň görnüşini hödürleýär

Baharyň gelmegi bilen Aşgabat şäherinde däp boýunça gurluşyk we abatlaýyş möwsümi işjeňleşýär. Bu döwürde şäheriň ýaşaýjylary köplenç öýlerini täzelemäge, jaýlaryny we howlularyny abadanlaşdyrmaga başlaýarlar. Şu ugra ýöriteleşdirilen Ak Gaýa dükany gurluşyk hem-de hojalyk harytlaryny dogry saýlamaga kömek edýär. Ol alyjylara önümleriň giň görnüşini we amatly hyzmatlaryň oňaýly şertlerini hödürleýär.

Dükanyň esasy artykmaçlyklarynyň biri harytlaryň kepillendirilen hilidir. Köplenç hil gözegçiligi bolmaýan tötänleýin söwda nokatlaryndan tapawutlylykda, dükan öndürijiler we resmi dilerler bilen gönüden-göni hyzmatdaşlyk edýär. Şonuň netijesinde alyjylar önümleriň berkligini we ekologiýa taýdan howpsuzlygyny tassyklaýan degişli resminamalary bilen üpjün edilen harytlary satyn alýarlar.

Mundan başga-da, dükanda ähli zerur harytlaryň bir ýerde giň görnüşde hödürlenmegi onuň möhüm aýratynlyklarynyň biridir. Alyjylara gurluşyk, abatlaýyş we hojalyk işleri üçin gerekli serişdeleri dürli dükanlardan gözläp, wagt sarp etmek gerek bolmaýar — zerur zatlaryň ählisini bir ýerde satyn almak mümkin.

Dükan goşmaça hyzmatlary hem hödürleýär. Alyjylar üçin amatly bolar ýaly satyn alnan harytlar öýe çenli eltip berilýär, şeýle hem käbir önümler üçin kepillik hem-de gurnama hyzmatlary bar. Bu bolsa öýi abatlamak we abadanlaşdyrmak işini ep-esli ýeňilleşdirýär.

Şeýle-de dükan harytlary üç ýyla çenli möhlet bilen karzyna satyn almak mümkinçiligini hem döredýär. Bu ýagdaý gurluşyk we hojalyk materiallarynyň giň alyjylar köpçüligi üçin has elýeterli bolmagyna ýardam berýär.

Ak Gaýa dükanyna şu salgy boýunça baryp bolýar: Aşgabat ş., G. Kulyýew köçesi (Obýezdnaýa ýoly), 40-njy jaý.

Goşmaça maglumat almak üçin telefon belgileri: 59 57 57, 55 54 10, (+993 64) 66 44 88.

Şeýle hem dükanyň sosial ulgamdaky sahypasy bar.