Turkmenportal logo
Şu gün 10:55
24382438
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Gazagystanda täze Konstitusiýa boýunça sala salşyk geçirildi
Surat: haqqin.az

Düýn, ýekşenbe güni Gazagystanda ýurduň täze Konstitusiýasy boýunça sala salşyk geçirildi, ýurduň raýatlarynyň 50 göterimden gowragy gatnaşandan soňra, ol geçdi diýlip, resmi ykrar edildi. Bu barada ýurduň Merkezi saýlaw toparynyň sekretary Şawhat Utemisow MST-niň mejlisinde habar berdi diýip, «rg.ru» ýazýar.

Sagat 14:00-da 471 müň 378 raýatyň saýlaw býulletenlerini alandygy, bu görkezijiniň ses berlişige gatnaşmak üçin bellige alnan raýatlaryň 51,93 göterimine deň bolandygy habarda bellenýär.

Öň ýurduň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew täze Konstitusiýanyň taslamasynyň üstünde iki ýyl töweregi işlenilendigini habar beripdi. Tokaýew şeýle hem Gazagystanda nobatdaky Prezident saýlawlarynyň 2029-njy ýylda geçjekdigini habar berdi. Ol munuň häzirki hereket edýän Konstitusiýada kesgitlenendigini aýtdy diýip, TASS ýazýar.