Mukaddes Oraza aýynda «Lezzetli Tamdyr» restorany Aşgabadyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny agzaçarda türkmen aşhanasynyň baý tagamlaryndan lezzet almaga çagyrýar. Bu ýerde nusgawy usulda taýýarlanan öý tagamlarynyň dürli görnüşleri hödürlenilýär.
Myhmanlara tagamly çorbalar, palawlar, tamdyrdan täze çykan çörekler we kömürde bişirilen etli tagamlar hödürlenilýär. Menýuda aýratyn orun eýeleýän Kellebaşaýak, Gazan basdy, Çopan çörek ýaly türkmen aşhanasynyň milli tagamlary, şeýle hem çişde bişirilen dürli görnüşli etler milli aşhana däpleriniň asyl tagamlaryny görkezýär.
Restoran maşgala bolup agzaçar edinmek, şeýle hem dostlar ýa-da kärdeşler bilen duşuşyklar üçin amatly gurşaw döredýär. Myhmanlar köp sanly myhmanlaryň gatnaşmagynda dabaralar we baýramçylyk agşamlyklary üçin amatly giň zaldan, şeýle hem has asuda we gizlin agşam üçin rahat aýratyn kabinalardan peýdalanyp bilerler.
«Lezzetli Tamdyrda» myhmanlaryň rahatlygyna aýratyn üns berilýär. Restoranda naharlanmakdan başga-da, edara göçme hyzmatlary hem hödürleýär. Ussat aşpezler islendik çäre üçin - maşgala agzaçarlary, işewürlik agşamlygy ýa-da hususy duşuşyk bolsun – çäräniň geçirilýän ýerinde tagamlaryň taýýarlanylmagyna ýardam ederler. Restoranyň topary nahar taýýarlamak, saçagy bezemek we myhmanlara hyzmat etmek işlerini öz üstüne alýar.
Şeýlelikde, paýtagtyň ýaşaýjylary diňe restoranda däl, eýsem, öýlerinde hem türkmen milli tagamlaryndan lezzet alyp bilerler hem-de Oraza aýynda wagtlaryny ýakynlary bilen geçirmek üçin sarp edip bilerler.
«Lezzetli Tamdyr» restorany şu salgyda ýerleşýär: Aşgabat, senagat zolagy, aýlawly ýoluň ugrunda, Mary awtoduralgasynyň golaýynda.
Has giňişleýin maglumat almak we stollary bronlamak üçin şu telefonlara ýüz tutup bilersiňiz: 19 07 70, 12 07 70, 10 06 60, (+993 71) 25 26 40, (+993 71) 25 26 41.