Turkmenportal logo
Şu gün 08:34
54725472
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Geljegiň hünärleriniň atlasy» atly gollanma çap edildi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan taýýarlanan «Geljegiň hünärleriniň atlasy» atly gollanma Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan neşir edildi. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.

Bu atlas 2025-nji ýylda tassyklanan «Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyna» laýyklykda ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak üçin gysga we orta möhletiň dowamynda giň mümkinçiliklere eýe boljak pudaklaryň we hünärleriň gözükdirijisi bolar.

Şeýle hem geljekde haýsy hünärleriň, pudaklaryň işjeň kemala geljekdigine, olarda haýsy täze tehnologiýalaryň, önümleriň, dolandyryş amalyýetleriniň dörejekdigine hem-de zähmet bazarynda haýsy hünärlere zerurlygyň boljakdygyna düşünmäge ýardam berer.

Zähmet bazaryny häzirki zaman sanly özgertmelerine uýgunlaşdyrmak işiniň üstünlikli amala aşyrylmagy üçin döwletiň sanly eýýamyň ösüşi bilen aýakdaş gitmeginiň täsirli çärelerini işläp taýýarlamak möhüm bolup durýar. XXI asyrda zerur bolan başarnyklar we ylmy-tehniki ösüşde bolup geçýän özgerişliklere çalt jogap bermek ukyby işçi güýjüniň bäsdeşlik artykmaçlygyny emele getirýär diýlip, habarda bellenilýär.