Turkmenportal logo
Şu gün 11:56
44334433
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Gadyr gijesi bilen gutlady
Surat: tdh.gov.tm

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny musulman dünýäsinde iň mukaddes hem-de ynsanperwerligiň we adamkärçiligiň belent däplerini dabaralandyrýan Gadyr gijesi bilen tüýs ýürekden gutlady. Şeýle hem «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda bu mübärek gijäniň ýagşy umyt-arzuwlar bilen garşy alnyp, eziz Watana bolan söýgini, agzybirligi we jebisligi has-da dabaralandyrjakdygyna berk ynam bildirdi.

«Türkmenistan» gazetinde habar berlişi ýaly, döwlet Baştutany Gutlagynda: «Türkmen halkynyň şöhratly ýolunda kemala gelen hem-de watansöýüjilik, agzybirlik, ynsanperwerlik, döwletlilik, ahlaklylyk, halallyk, dost-doganlyk, pespällik, sahylyk, päklik, asyllylyk, dogruçyllyk, ýagşylyk ýaly gymmatlyklar biziň milli bitewüligimiziň, ruhy dünýämiziň sarsmaz sütünleridir. Köpasyrlyk taryhy tejribä, ruhy we ahlak köklere daýanýan, täze döwrümiziň binýatlaýyn taglymatlaryna öwrülen bu gymmatlyklar mukaddes Oraza aýynda hem-de keremli Gadyr gijesinde has-da rowaçlanyp, agzybirligimizi, jebisligimizi pugtalandyrýar. Şoňa görä-de, türkmen halky Gadyr gijesine mukaddesligiň, bereketliligiň we sahawatlylygyň gijesi hökmünde aýratyn sarpa goýýar. Oraza aýynda, aýratyn-da, Gadyr gijesiniň hormatyna öten-geçenler ýagşylykda ýatlanyp, agzaçar sadakalary berilýär. Birek-birege hoş sözler aýdylyp, tarawa namazlary okalýar. Dünýäde abraýy barha belende galýan eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň we Bitaraplygynyň binýadynyň has-da pugtalandyrylmagy, halkymyzyň abadançylygy, her bir maşgala ojagynyň bagtyýarlygy üçin doga-dilegler edilýär» diýip belleýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gutlag hatynyň ahyrynda türkmen halkyny mukaddes Gadyr gijesi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, berkarar Watanyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.