Turkmenportal logo
Şu gün 12:05
40494049
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkiýede ýer yrandy, Ankaranyň ýaşaýjylary ylgap köçä çykdy
Surat: ru.apa.az

Türkiýede 13-nji marta geçilýän gije güýji 5,3 bala deň bolan ýertitreme boldy. Ankaranyň käbir etraplarynyň howsala düşen ýaşaýjylary köçä ylgap çykdylar diýip, «rg.ru» habar berdi.

Ýewropa-Ortaýer deňziniň seýsmologik merkeziniň maglumatlaryna laýyklykda, ýerasty sarsgynlaryň merkezi Tokat şäheriniň demirgazyk-gündogaryndan 46 kilometrlikde, çuňlugy takmynan alty kilometrlikde ýerleşdi. Ankaradan günortadaky Haýman ülkesinde ýerasty sarsgynlar has-da dowamly boldy. Ýaşaýjylar gyssagly öýlerini terk etdiler. Ejir çekenler we ýykylan binalar ýok.