Turkmenportal logo
Şu gün 11:12
50345034
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Hindistanly talyp alajagaplaňy ýeňdi
Surat: gazeta.press

Hindistanyň Himaçal-Pradeş ştatynyň orta hünärmentçilik okuw mekdebiniň talyby Praweş Şarma süýt satyn almaga barýarka, alajagaplaňa sataşdy we tutluşykda ony ýeňdi. Bu barada ýerli «Hindustan Times» gazetine salgylanýan «rg.ru» gürrüň berýär.

Sarli obasynda ýaşaýan 18 ýaşly Şarma şol gün irden golaýdaky dükana süýt almaga çykypdyr. Emma öýlerinden birnäçe metr uzaklaşanda, oňa garaşylmadyk ýerden ýyrtyjy haýwan topulypdyr.

«Janyny gutarmak üçin aýgytly söweşde Praweş ýyrtyjynyň äňinden ýapyşdy. Soňra golaýda ýatan daşy alyp, alajagaplaňyň kellesine urmaga başlady. Netijede, alajagaplaň öldi» diýlip, ady tutulan gazetde çap edilen makalada beýan edilýär. Onuň ýyrtyjy bilen başa-baş söweşiniň 10 minut dowam edendigi, Şarmanyň köp sanly şikes alandygy aýdylýar. Talyby hassahana ýerleşdirdiler, egnindäki, el-aýaklaryndaky ýaralaryny daňyp, öýlerine goýberdiler.

Tizara batyr ýigidiň ýanyna tokaý departamentiniň işgärleri baryp, 5 müň rupiýa pul sylagyny berdiler.