Turkmenportal logo
Şu gün 10:35
43534353
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Efiopiýadaky sil joşgunlarynyň we süýşgünleriň pidalary 107-ä ýetdi
Surat: belta.by

Efiopiýanyň günortasynda bolan sil joşgunlarydyr süýşgünlerinde azyndan 107 adam pida boldy. Bu barada ýerli häkimiýetlere salgylanýan «Addis Standard» gazeti habar berdi.

Gözleg toparlary Gamo etrabynda tebigy betbagtçylykda heläk bolanlaryň jesetlerini çykarmak işlerini alyp barýar. Efiopiýada 9-njy mart gijesi başlanan güýçli çabga 11-nji martda diňdi. Ol infrastruktura uly zyýan ýetirdi. Ýollar hatardan çykdy, bu bolsa jemgyýetçilik ulaglarynyň hereketinde we ejir çekenlere kömek bermekde bökdençlik döretdi.

Mundan birnäçe gün Keniýada hem çabga ýagyşlary sebäpli 50 adam gurban boldy, azyndan 2,6 müň maşgala öz öýlerini terk etdi.