Britaniýaly 2000 ýyl ýaşy bolan şaýy puly muzeýe tabşyrdy, ol şonuň bilen birwagtlar awtobusda ýol kireýi üçin hasaplaşypdyr. Bu barada şäher portalyna salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar.
Ýagny Lids şäheriniň 77 ýaşly ýaşaýjysy Piter Edwards heniz çagaka şaýy puly atasy Jeýms Edwardsdan sowgat alypdyr. Atasy şol wagt ulag kompaniýasynda pulhanaçy bolup işleýär ekeni we her gün awtobuslardan, trolleýbuslardan ýygnanan pullary sanamaly bolupdyr. Hereket etmeýän we daşary ýurt pullarynyň arasyndan käwagt täsin şaýylyklary tapyp, olary agtygyna beripdir.
Aradan 70 ýyl geçensoň, agtygy syrly ýazgyly geň teňňäniň taryhyny bilmek isläpdir. Ylmy-barlaglar puluň Ispaniýanyň kenarýakasyndaky gadym karfagen obasyndan gelip çykandygyny anyklapdyr. Onuň ýüz tarapynda gadymy Melkart taňry, arka ýüzünde egni şir derili Gerakl pälwan şekillendirilen ekeni.
Tapyndynyň taryhy gymmatlygyna düşünen erkek kişi ony şäheriň muzeýine sowgat berdi, ol häzir dünýäniň ähli ýerinden şaýylyklary we pul birliklerini özünde jemleýän Lidsk ylmy-magaryf merkezinde saklanýar.