2026-njy ýylda birbada üç anna güni aýyň 13-üne gabat geler, bu 11 ýyldan bir gezek bolýar diýip, iş senenamasyny öwrenen «Ria.ru» ýazýar.
Ýagny «bagtsyz» hasaplanýan 13-üne düşýän birinji anna güni bu ýyl fewralda boldy, düýn ikinji gün, ýene biri şu ýylyň noýabrynda bolar. Soňky gezek 13 sanlyk gabatlaşma 2015-nji ýylda hasaba alnypdy. 13-üne düşýän iki anna 2017-2020 ýyllarda we 2023-2024-nji ýyllarda, bir anna 2016, 2021, 2022 we 2025-nji ýyllarda hasaba alyndy.
Käbir adamlar 13-üne düşýän anna ýakymsyz wakalaryň güni diýip ynanýar, olar şol günlerde hüşgär bolmaga çagyrýarlar diýlip, habarda bellenýär.