Turkmenportal logo
Şu gün 09:43
43304330
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan Belgradda geçiriljek «EKSPO-2027» sergisinde özüniň milli pawilýonyny gurýar

Türkmenistan Belgrad şäherinde geçiriljek «EKSPO — 2027» Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer N.Atagulyýew habar berdi.

TDH-niň berýän habaryna görä, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek «EKSPO — 2027» Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Hasabatda nygtalyşy ýaly, «Oýun adamzat üçin: sport we saz hemmeler üçin» mowzugynda geçiriljek sergä taýýarlygyň çäklerinde ýurduň milli pawilýonynyň gurluşyk-gurnama, enjamlaşdyryş we bezeg işleri boýunça zerur işler alnyp barylýar.

Bu sergä Türkmenistan «Türkmenistan — parahatçylygyň owazy, saglygyň mekany» diýen şygar bilen gatnaşar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, ýurduň iri möçberli halkara çärelere yzygiderli gatnaşýandygyny belledi. «Munuň özi dünýä döwletleri bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge ýardam edýär» diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow aýtdy we Türkmenistanyň «EKSPO — 2027» Bütindünýä sergisine gatnaşmagy bilen bagly taýýarlanan teklipleri makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.