Halkara Deňiz Gurmasy bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde birnäçe teklipleri beýan etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistan 1993-nji ýylyň 26-njy awgustyndan bäri bu guramanyň agzasy bolup, onuň bilen hyzmatdaşlyk soňky ýyllarda has-da işjeň ösdürilýär. Türkmenistan Halkara Deňiz Gurmasynyň 14 konwensiýasyna goşuldy we olaryň kadalaryna laýyklykda, milli kanunçylygy, şeýle hem amala aşyrylýan işleri kämilleşdirmek boýunça degişli çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda, Halkara Deňiz guramasynyň konwensiýalaryna goşulyşmak işini yzygiderli ösdürmek bilen Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekillerinden ybarat bolan iş toparyny döretmek teklip edilýär. Ýurduň gämi ulaglar we gatnawlar ulgamynda hyzmatdaşlygynyň halkara hukuk binýadyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen guramanyň halkara gämi gatnawlaryny ýeňilleşdirmek boýunça konwensiýasyna Türkmenistanyň goşulmagy boýunça işleri geçirmek bu toparyň ilkinji wezipeleriniň biri bolar. Şeýle hem hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin 2026-njy ýylyň dowamynda Halkara Deňiz Guramasynyň ýolbaşçylarynyň Türkmenistana saparlaryny guramak, guramanyň wekilleriniň gatnaşmagynda dürli okuw hem-de amaly maslahatlary geçirmek teklip edilýär. Şeýle hem ýurduň Halkara Deňzi Guramasy bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da berkitmek bilen baglanyşykly teklip beýan edildi.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurtda Halkara Deňiz Guramasynyň degişli halkara konwensiýalarynyň talaplaryny ýokary derejede üpjün etmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belledi we şunuň bilen baglylykda, halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça taýýarlanylan teklipleri makullap, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.